Festiwalyň şowly ädimleri
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda noýabr aýyndaky “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly sazly festiwaly dabaraly ýagdaýda dowam edýär.
Bu günki dabarymyzda ,,Ýekelikde aýdym aýtmak’’ kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Göwher Kakabaýewa we ,,Estrada’’ sungaty kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Tylla Saryýewa, olara sazandarlyk eden Ýekaterina Darçiýa we Bägül Muhammedowa dagylar çykyş etdiler. Oňa halypa mugalymlar, talyp-ýaşlar we myhmanlar gatnaşdy.
Konsertiň başynda beýik nemes kompozitory Wolfgang Amadeý Mosartyň “Ave verum corpus” atly eserini ,,Ýekelikde aýdym aýtmak’’ kafedrasynyň öwreniji mugallymy Göwher Kakabaýewa ýerine ýetirdi.
Bu eser tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we gyzgyn el çarpyşmalar bilen dowam etdi. Soňra şol ýerine ýetirilişikde ukrain kompozitory Ý.Meýtus we Türkmenistanyň halk artisti D.Öwezowyň “Leýli-Mejnun” operasyndan Leýliniň ariýasyny ýerine ýetirdi. ,,Estrada’’ sungaty kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Tylla Saryýewanyň ýerine ýetirimeginde italýan kompozitory we dirižýory Ž.Werdiniň “Trubadur” operasyndan Azuçenanyň aýdymy ýaňlandy. Oňa Ýekaterina Darçiýa sazandarlyk etdi. Soňra bolsa halypa kompozitor W.Muhatowyň “Ganly saka” operasyndan Aýlaryň ariozasy ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da meşhur we dünýä belli eserler ýerine ýetirildi.Bu çykyşlardaky ýerine ýetirilen eserler diňleýjilerde örän uly täsir galdyrdy we şowhunly el-çarpyşmalar bilen tamamlandy.
Biz ýaşlara şeýle ynam bildirýän, bize ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.