ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY


ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, 12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.