«EGIN-EŞIGIŇ TARYHY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY


«EGIN-EŞIGIŇ TARYHY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çap edilýän okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy neşirleri türkmen şekillendiriş we amala-haşam sungatyny, dünýä ýurtlarynyň medeniýetini giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde türkmen dilinde çap edilýän okuw kitaplary we gollanmalary okuw döwründe talyplar üçiň wajyp bilim çeşmesi bolup durýar. Golaýda «Egin-eşigiň taryhy» okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Dabanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa, şeýle-de şol kafedranyň mugallymlary Ogulabat Muhatowa, Azat Annaýew, Göwher Saparmyradowa çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary Maýa Jumanyýazowa we Jeren Baltaýewa tarapyndan taýýarlanylan «Egin-eşigiň taryhy» atly okuw kitabynyň ähmiýeti barada bellediler.

«Egin-eşigiň taryhy» okuw kitaby «Gadymy döwürdäki we orta asyrlardaky egin-eşigiň taryhy» we «XIV–XX asyrlardaky egin-eşigiň taryhy» atly iki bölümden ybaratdyr. Bu kitap egin-eşigiň taryhy boýunça adalgalaryň sözlüginden, peýdalanylan suratlar baradaky maglumatdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat bolup, türkmen we dünýä ýurtlarynyň nakgaşlyk, heýkel, grafika eserleriniň, amaly-haşam sungatynyň çeper eserleriniň, moda žurnallaryndaky suratlary bilen bezelendir. Kitabyň esasy wezipesi dünýä halklarynyň egin-eşiginiň halkyň maddy we ruhy medeniýetiniň bir bölegidigini, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýändigini, halkyň ykdysady-durmuş şertlerini, gözellik baradaky garaýyşlaryny, düşünjelerini şöhlelendirýändigini ýaşlara öwretmekden, olary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary düşünjeli ussat hünärmenler edip terbiýelemekden ybaratdyr.

Milli lybas halk medeniýetiniň aýratynlyklaryny şöhlelendirmek bilen, halkyň taryhyna, onuň däp-dessuryna, durmuşyndaky özboluşly zatlaryň ähmiýetine hem-de beýleki halklar bilen özara baglanyşygyna düşünmäge itergi berýär.

Bu okuw kitaby suratkeşlik hünärinden bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilip, ondan orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, sungaty öwrenijiler, muzeý we teatr işgärleri hem-de egin-eşigiň taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.

Amantuwak AÝNAZAROWA.