Gahryman Arkadagymyz Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady


Gahryman Arkadagymyz Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ýurtlarymyzyň we doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.