Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi



20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

***



Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin milli gahrymanlaryň — Watan goragçylarynyň, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we bu ýerde “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.