TÜRKMEN BEDEWI


TÜRKMEN BEDEWI

Bedew baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap, ol däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Şol baýramçylyga bagyşlanylan çäreler bolsa ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden geçirilip, birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we at sport bäsleşikleri geçirilýär. Bu baýramçylyga ähli türkmen halky öz başarnygyny açyp görkezmeklik maksady bilen gurnalýan bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňijilere Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolýarlar. Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik sergisi uly dabara bilen geçirildi. Ahal-teke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan edildi. Sanlyja günden suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Biziň pederlerimiz ýelden ýüwrük aty döwlet hasaplapdyr. Biziň ýelden ýüwrük bedewlerimiz hyýaly beýan etmeler bilen gurşalandyr we şonuň üçin hem bedewiň ýordumy türkmen şekillendiriş sungatynda söýgüli gahrymanlaryň biri bolmagy geň däl.

Bu döredijilik sergisine amaly-haşam sungatynyň zergärçilik eserleri boýunça gujurly ýaş zergär Abraý Annaýew «Milli mirasym» atly at şaý-sepiň toplumy bilen gatnaşdy. Onuň ýerine ýetiren eserinde XIX – XX asyrlaryň başynda türkmen zergärçilik sungatynyň ösüşiniň esasy ugruny, hakyky durmuşyň mazmunyny şertli şahyranadan umumylaşdyrylan görnüşinde şöhlelendirilipdir. Haşam gurluşyň çeperçilik labyzlylygy eseriň keşp gurluşynda ýüze çykýar. At şaý-sepiň esasy süňňi kümüşden bolup, altyn çaýma usulyny ulanýar. Hakyk we «pöwrize» gaşlaryny gaş öýlerine berkidip, örän nepislik bilen «nerrek», «ýylanyzy» we beýleki goşmaça geometrik şekilli nagyşlary ulanýar. Atyň şaý-seplerine ilki bilen göwüsbent degişli bolup, bezeg üçin atyň göwsüne atanaklaýyn dakylýan ýüzi kümüş «guşgözi», «sytaraly» şaýly ýasy gaýyş bilen bezelýär.

Şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk ugry bilen özüniň zehinini açyp görkezýän ökde «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanow «Toýly gün» atly nakgaş eseri bilen gatnaşdy. Taryhy wakalary, belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, türkmen milli däp-dessurlaryny, gözel tebigatymyzyň künjeklerini, ahal-teke bedewlerimizi, bagtyýarlyk we galkynyşly döwrümizi, medeni mirasymyzy wasp edýän bu eseri durmuşy wakany açyp görkezýär. Suratkeş eserdäki gahrymanlaryň ýüz keşplerinde, hereketlerinde watansöýüjilik, gahrymançylyk, ugurtapyjylyk häsiýetleri görmek bolýar. Köp şekilli taslamanyň arassa, ýiti reňk öwüşginleri bilen ýerine ýetirilmegi, ýagtylyk bilen kölegäniň oýnunyň sazlaşykly peýdalanylmagy eseriň esasy mazmunyny açyp görkezmäge ýardam edýär.

Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk hünäri boýunça bilim alýan «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hajymuhammet Baýramow «Wepaly dostlar» atly taýçanagy bilen türkmen ahal-teke atyny ýasaýar we bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolýar. Talyp eserini janlandyrmaga işjeň gatnaşdy. Atlar özleriniň ajaýyp syna gurluşy bilen nepis gözelliklerini, ähli agzalarynyň sazlaşykly hereketlerini görkezmegi başarypdyr. Ahal-teke atlarynyň ýumşak, özboluşly ýörişleri bar. Ganatly bedewlerimize halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy hökmünde sarpa goýulýar. Bular bilen birlikde «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Nurýagdy Ýolamanow «Behişdi bedewleriň» ajaýyp fotosuratlaryň toplumyny düzdi. Ol ýerde ganatly, ýyndam bedewlerimizi Diýarymyzyň gül-günçaly künjeklerinde owadan keşbini şekillendirmegi başardy.

Bu bäsleşigiň esasy maksady, bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly sarpa goýýan halypa mugallymlar we ýaş suratkeş talyplar türkmen Ahal-teke atlarynyň waspyny ýetirip, halkymyzy buýsandyryp, bu behişdi bedewlerimizi dünýä jar etmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem, geljeki ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolup durýarlar.

Bahar MAGTYMOWA