“KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY” ATLY SAZ FESTIWALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI


“KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY” ATLY SAZ FESTIWALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI



Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly noýabr saz festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu festiwal konserwatoriýada okap bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de ýaş mugallymlaryň zehinlerini açyp görkezmek maksady bilen geçirilýär.

Festiwal noýabr aýynyň dowamynda geçmek bilen ähli ugurlara degişli saz gurallarda bilim berýän ýaş mugallymlaryň ýekelikde we olaryň bilim berýän talyplary bilen bilelikdäki konsertlerine orun beriler.

Bu açylyş dabaranyň çäginde konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymy halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Bahram Dolyýewiň ýolbaşlygynda saz toparynyň konserti geçirildi. Toparda konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymlary Tahyr Ataýew, Kakageldi Hojalekow we talyplar Aýlar Botaýarowa we Abadan Meredowa çykyş etdiler.

Konsertiň meýilnamasy dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden düzülipdir. Şeýle hem konsertiň dowamynda kompozitor Röwşen Nepesow “Duýgularyň mozaikasy” eseri ýerine ýetirildi. Has bellenilmeli zat awtoryň bu eseri sazandalar bilen belelikde ýerine ýetirmegi diňleýjiler köpçüligi üçin has hem şowhunly boldy. Kompozitor öz gezeginde bu açylyşy bolan festiwalyň ýaş sazandalaryň bu ugurda ýokary derejelerine ýetmegi üçin peýdaly boljakdygy barada aýdyp geçdi hemde bu saz çäresi bilen ähli gatnaşyjylary gutlady.

Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýaş sazandalaryň ýokary derejede bilim almaklary babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Röwşen ATAÝEW.