BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJI SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY


BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJI SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.