Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy


Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy



Şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Her ýylky däbe görä, bu ýyl hem Baş arça «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirildi.

Şu gezekki Baş arçanyň beýikligi 44 metr bolup, diamteri 16 metre deňdir. Ol demir sütünlerden ybarat bolup, oňa Sibirden getirilen tebigy arça şahalary birikdirildi. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan ýyl ýazgysy ýerleşdirildi. Mundan başga-da, arçada türkmen senenamasyna görä, geljek ýylyň nyşany bolan balygyň şekili ýerleşdirilipdir.

Her ýyl adat bolşy ýaly, Aýazbaba we Garpamyk uzak illerden gelip, «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirilen Baş arçanyň çyralaryny ýakýarlar.

Bu gün bolsa, Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň tolkuny Baş arçamyzyň baýramçylyk yşyklary bolup şöhle saçdy. Ondan soň welaýatlarymyzyň merkezlerinde ýerleşdirilen arçalaryň yşyklary ýakyldy.