Daşary ýurtly artistler Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk sapagyny geçdiler


Daşary ýurtly artistler Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk sapagyny geçdiler

Şu gün Arkadag şäherinde geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag, Eduard Montut we beýleki film festiwalyna gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, dünýä belli artistler institutyň mejlisler zalynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin ussatlyk sapagyny geçirdiler. Artistler onuň dowamynda taryhy we meşhur filmleriň önümçiliginde gazanylan tejribeler, gyzykly pursatlary barada öz pikirlerini paýlaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, ussatlyk sapagynda myhmanlar kino sungatynda nähili kynçylyklara duş gelýändiklerini aýtdylar. Netijede, film festiwalyna gatnaşyjylar geljekki aktýorlara saýlap alan hünärlerinde hemişe öwrenmeli we kynçylyklara garamazdan üstünlik gazanmagy başarmalydygy barada maslahat berdiler.