Lukmanlar maslahat berýär


Lukmanlar maslahat berýär



Pasyllaryň çalyşýan döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup, möwsümde ýiti ýokanç keselleriň ýokuşma howpy artýar. Bu döwürde dürli kesellerden goranmak üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär.

 Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly.
 Ýygy-ýygydan elleriňizi ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaly.
 Dartgynlylyk köp sanly keselleri döredip biler. Şonuň üçin hem özüňizi hemişe rahat alyp barmaga çalyşmaly.
 Işi we dynç alşy kadalaşdyrmaly.
 Pasla görä geýinmeli.
 Kadaly ukyňy almaly. Uky wagtynda beden güýç toplaýar, taplanýar. Ýatylýan otagyň howasy tämizlenip durulmaly.
 Suw deňagramlylygyny saklamaly. Günüň dowamynda 1,5-2 litr suw içmeli.
 Her gün otagy ýelejiredip, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.
 Sagdyn we dogry iýmitlenmeli.
 Kesellän halatyňda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly, özbaşdak bejergi almakdan saklanmaly Sagdynlyk — bu tebigatyň ynsana eçilen uly bagty Saglyga paýhasly çemeleşip, ony goramak bolsa her bir adamyň borjudyr.