Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak, şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz kabul etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de häkimlere geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň we oňa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlerine bu sebitlerde şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada hem anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi we wise-premýere bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depginlerini has-da güýçlendirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we şunuň bilen baglylykda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly degişli görkezmeleri berdi.