Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda


Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda



5-nji dekabrda Kasanede başlanan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi.

Maslahata gatnaşan türkmen toparyna Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Maksat Çaryýew hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Milli toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik etdi.

Ilçi bu ýerde eden çykyşynda gözelligi, güýji we çydamlylygy bilen meşhur bolan ahalteke bedewleriniň asyrlaryň geçmegi bilen, Türkmenistanyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtady. Munuň özi diňe bir at tohumy bolman, eýsem, geçmişimiziň, şu günümiziň we geljegimiziň bitewiligini alamatlandyrýan ruhy güýji özünde jemleýär.

«Ahalteke atçylygy bilen bagly däp-dessurlar, şeýle hem türkmen bedewleriniň bezegini alamatlandyrýan çylşyrymly çeperçilik önümleri biziň nesilden-nesle geçip gelýän milli aýratynlyklarymyz bilen aýrylmaz baglanyşygy emele getirýär» — diýip, ilçi belledi.

Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ahalteke atlarynyň dünýädaki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornunyň diýseň uludygyny bellemelidiris.

«Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli atçylyk pudagy görlüp-eşidilmedik belentliklere çykdy. Bu ulgamyň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, atçylyk sportuny wagyz etmek we milli at münmek däpleriniň aýratynlyklaryny goramak ugrunda giňişleýin çäreler görüldi» — diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Ilçi çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi üçin Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasy 9-njy dekabra çenli dowam eder.