Milli medeniýetimiziň şanly gadamlary
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 1–12-nji dekabr aralygynda geçirilýän halkara serginiň ýedinji güni ýurdumyzyň medeniýet toplumynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, geçirilen halkara ähmiýetli, giň gerimli medeni çäreler, şeýle-de toplumyň işini kämilleşdirmekde öňde durýan maksatnamalara bagyşlandy.
Halkara sergisiniň Medeniýet toplumynyň güniniň çäginde «Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, ruhy-medeni mirasyny gorap saklamak we dünýä ýüzüne wagyz etmek» atly ylmy maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň belli mirasgär alymlary, ýazyjy-şahyrlary hem-de döredijilik işgärleri şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk, parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik ýaly nurana ýörelgelerimiziň, özboluşly däp-dessurlarymyzyň sarpasyny belende götermek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, röwşen geljegini dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň has-da dabaralanmagy babatdaky alnyp barylýan uzak möhletleýin işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylmy maslahata gatnaşyjylar üçin milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, medeniýet ulgamynyň ösüşini täze derejä çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilişi guraldy.
Halkara sergisine gatnaşýan myhmanlar amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisine tomaşa etmegiň çäklerinde tanymal aýdymçy-sazandalaryň, teatr artistleriň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny diňlediler.
Sergä gatnaşan myhmanlar, tanymal medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de žurnalistler ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary hem-de yzygiderli goldaw-hemaýatlary üçin, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.