Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler


Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler. Bu barada 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýeriň bellemegine görä, festiwaly guramaçylykly geçirmek üçin häzirki günlerden oňa ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna we dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.