Milli Liderimiz nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


Milli Liderimiz nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy



17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. ...Täze dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň täze taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyljak şanly wakalaryň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary täze toplumyň ýanyndaky meýdança gondy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Dabaralar tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi we Aşgabada ugrady.