Halypa sazanda ýatlanyldy


Halypa sazanda ýatlanyldy



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat sazanda 1925-1948-nji ýyllarda ýaşap geçen sazanda, guýma gursak zehinli Şamyrat Gurbannepesowyň 95 ýaş ýubileýi mynasybetli ýatlama döredijilik agşamy geçirildi.
Bu dabarada konserwatoriýanyň halypa mugallymlary çykyş etmek bilen, ussadyň döreden «Höwesim», «Gurultaý», «Bäherden mukamy» ýaly ajaýyp sazlarynyň aýratynlygy dogrusynda ussat sazandanyň, dutar ýerine ýetirijiliginiň ägirtleri bolan Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewň şägirdi bolandygy barada gyzyly gürrüňleri berdiler. Sazandany ýatlap çykyş eden halypalar, ýazyjy Mämmet Seýidowyň «Durun mukamy» poemasynyň hem Şamyrat Gurbannnepesowa bagyşlanylan eserdigi barada belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda sazandanyň döreden ajaýyp sazlary konserwatoriýanyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylar saz sungatynda yz galdyran şeýle sungat ussatlaryny ýatlamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Gülzada GULDURDYÝEWA