Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy



Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Öten-geçenleri hatyralap Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine ildeşlerimiz bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlara çuňňur sarpanyň, halkyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.

6-njy oktýabrda ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkyň gahrymanlaryny hatyraladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenlerini goýdy.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyralamak çäreleri Aşgabat şäherinde bolşy ýaly, ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi, olaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.