SAHY JEPBAROW ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI


SAHY JEPBAROW ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI



Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň täze okuw binasy, dolandyryş we beýleki desgalary Arkadag şäherinde gurlup, gurluşyk taslamasy esasynda mekdebiň binasy 240 orunlyk bolup durýar.

Mekdepde 50-den gowrak okuw otaglary, saz gurallaryny we konsert egin-eşiklerini saklamak üçin ammarlar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan okuw otaglary we tans zallary, 250 orunlyk mejlisler we konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen enjamlaşdyrylan okuw we iş otaglary, Sport toplumy, zaly hem-de sport türgenleşikleri üçin meýdançalar, naharhana we beýleki düzümler hereket edýär.