«Kitap – ylmyň çeşmesidir»


«Kitap – ylmyň çeşmesidir»



Ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň sergi meýdançasynda mekdebimiziň kitaphanasy bilen «Kitap – ylmyň çeşmesidir» atly döredijilik sergisi we wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda kitap hakynda mekdebimiziň baýry mugallymlary gyzykly gürrüňleri berdiler. Kitap okamaklygy endik edinmek, kitaba ýakyn bolup, syrly dünýäniň täsinliklerine göz ýetirmek her ynsanyň ýakyn güýmenjesine öwrüldi. Okuwçylara okuw kitaplaryna ünsli seretmelidiklerini, aýawly saklamalydyklaryny öwran-öwran nygtap, olara degerli maslahatlary berdiler.
Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşyjylarda diýseň ýakymly täsir galdyrdy. Kitap tekjelerinde Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat baradaky ajaýyp dürdäne setirleri jemlenen kitaplary mynasyp orny tapyp, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlarynda sanly ulgama geçilmegi biziň her birimiziň buýsançly başymyzy belende göterýär. Şeýle ulgam kitaphana pudagynda hem bar. Munuň özi ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň bir mysalydyr. Okuw sapaklaryna degişli kitaplary mekdebimiziň göreldeli okuwçylary dowamly okap öwrenip durýarlar.
Milli buýsanjymyza öwrülen el işleriniň aýratynlyklaryny aýdyň açyp görkezýän örme, dokma, gaýma ýaly döredijilik eserleri gurnalan ýörite sergide mynasyp orny tutýar.