Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi


Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi



Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.

1-2-nji dekabrda bolan maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Gyrgyz Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, uniwersitetiň rektorlygy we talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çykyşlaryň dowamynda maslahata gatnaşyjylar tarapyndan türkmen halkynyň milli hazynasy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik akyldaryň döredijilik mirasynyň ähmiýeti bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkek şäheriniň Milli taryh muzeýine baryp gördi, şeýle hem Manas uniwersitetiniň ýolbaşçylygy we Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri bilen duşuşdy.