LUKMAN MASLAHAT BERÝÄR


LUKMAN MASLAHAT BERÝÄR



Agyz-burun örtükleri howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar.
Ýaşaýyş we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiretmeli, otagda ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirmeli. Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut, şonuň üçin, şahsy tämizligi doly hem dogry berjaý etmeli. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.
Gowy ukyňy almaly hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Her bir adam pasla görä geýinmeli.