Sagdyn durmuş ýörelgesi
Golaýda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk hem-de Ýasmansalyk Medeniýet öýüniň gurnamagynda sagdyn durmuş ýörelgesi barada gürrüňdeşlik geçirildi. Bu gürrüňdeşlige Ýasmansalyk medeniýet öýüniň guramaçy işgäri Merjen Myradowa, Bagtyýarlyk Medeniýet öýüniň müdiri Ogulşat Kurbanowa şeýle-de şol medeniýet öýleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Gürrüňdeşlige gatnaşanlar howa arkaly dörap biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakda alnyp barylýan işler barada, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli düşündiriş işleriniň ilatyň kesellere garşy göreşmek babatdaky bilimlerini artdyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Sagdyn ýaşamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmeli we bu ugurdaky maslahatlary, düzgünleri dogry berjaý etmeli. Munuň özi diňe bir özüňizi däl eýsem, daş-töweregiňizdäkileriň hem saglygyny goramakda ähmiýetlidir diýip çykyş edenler belläp geçdiler.
Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitaby gymmatly ylmy çeşme bolup durýar. Kitapda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly ösümliklerden taýýarlanan çaýlar ynsan saglygy üçin peýdalydyr diýip çykyş edenler gürrüň berdiler.