Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Garagum sährasyna gezelenç etdiler


Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Garagum sährasyna gezelenç etdiler



Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat, döredijilik işgärleriniň, daşky gurşawy goramak gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Garagum sährasynyň gözelliginiň waspy» atly döredijilik gezelenji guraldy.

«Bereketli Garagum» goraghanasynyň çäginde guralan döredijilik gezelenjiniň dowamynda giň sähranyň taýsyz gözelligini özünde jemleýän ajaýyp tebigatda okalan şygyrlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň, şeýle-de sähranyň gaýtalanmajak gözelliginiň belent waspy bolup ýaňlandy.

Bu ýerde çykyş eden döredijilik işgärleri dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykan alkyşly sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem şol gün Garagumuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň ýaş suratkeş talyplarynyň, mugallymlarynyň tebigat gözelliklerinden ylham alyp döreden surat eserlerinde çeper beýanyny tapdy.

Iki paslyň — güýz we gyş pasyllarynyň sepgidinde guralan döredijilik gezelenjine gatnaşan medeniýet, sungat işgärleri «Bereketli Garagum» goraghanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň gürrüň bermegi arkaly Garagum sährasynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşdylar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Garagum sährasynyň çäginde dürli görnüşdäki ösümlikleriň 500-den gowragy bolup, olaryň birnäçesi dermanlyk häsiýetli ösümlikler hasaplanýarlar. Bu barada alym, lukman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda hem beýan edilýär.

Döredijilik gezelenjiniň çäklerinde bu ýerde ojar odunyň başynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, okalan şygyrlar, aýdylan alkyşlar bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşynyň, güneşli Diýarymyzyň waspy bolup, çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guralan bu döredijilik gezelenji Milli Liderimiziň ündeýän halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ösdürilmeginde, ýaşlarda tebigata bolan söýginiň, daşky gurşawy goramaga bolan terbiýäniň kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetli boldy. Mahlasy, bu çäre Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 28 ýyllygyna barýan günlerimizde döredijilik işgärlerine ylham berip, ýakymly pursatlara beslendi.