Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.
Mejlise gatnaşyjylar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen on aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Şeýle-de mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy.
Şoňa görä-de, Watanymyzyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.