Mary welaýatynda «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy


Mary welaýatynda «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy

Türkmenistanda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy.

Sergide uzak taryhyň dowamynda mertligi, edermenligi, parasatlylygy bilen giňden belli bolan alabaý itiniň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan toýundan ýasalan heýkeljikleri, türkmen we daşary ýurtly alymlaryň dürli ýyllarda ýazan taryhy ylmy monografiýalaryna girizilen fotosuratlary görkezilýär.

Şeýle-de sergide maryly suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň alabaý itine bagyşlap döreden sungat eserlerine uly orun berilýär.