Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar


Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.
Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.