Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany


Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlar döwletimiziň bagtyýar şu güni, kuwwatly geljegi hasaplanýar. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňelýär.

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň yglan edilmegi bilen baglanyşykly boldy.