Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy


Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy



15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň örän netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär. Resminamalar strategik häsiýete eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, uçara mündi we Watanymyza ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.