Türkmenistanyň Prezidentiniň teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda kabul eden Karary mynasybetli geçirilen hoşallyk dabarasy


Türkmenistanyň Prezidentiniň teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda kabul eden Karary mynasybetli geçirilen hoşallyk dabarasy



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň “Teatr we teatr işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Döwlet Baştutanymyzyň degişli resminama gol çekmegi we bu taryhy kararyň ähmiýeti barada 4-nji fewralda hoşallyk dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň aýratyn möhüm ulgamlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamy hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar, çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik taglymatyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Teatr döwletimiziň medeniýet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, şol hatarda teatr ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolýar. Hut şoňa görä-de, Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde türkmen teatrynyň hukuk esaslarynyň binýadyny has-da pugtalandyrýan “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
«Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan bu möhüm ähmiýetli hukuk resminama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urmagyna ýardam berer. Onda teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň şertlerini düzgünleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm ähmiýetli hukuk resminama uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýeti, teatr sungatyny aýawly saklamagyň we döredijilikli ösdürmegiň, ony dünýäde giňden wagyz etmegiň meselelerine içgin üns berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet tarapyndan uly goldaw berlen teatr sungaty muňa aýdyň mysal bolup biler. Galyberse-de, täze resminama jemgyýetiň ruhy islegleriniň kemala getirilmegine, raýatlaryň estetiki terbiýesine we ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hoşallyk dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň, tanymal teatr artistleri, döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hoşallyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň goldawyna eýe bolan bu möhüm ähmiýetli hukuk resminamanyň ýurdumyzyň teatr toparlaryna degişli derejeleriň berilmegindäki ähmiýeti, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urmagyna ýardam berjekdigi barada çykyş etdiler.
Çykyş edenler möhüm ähmiýete eýe bolan bu Kararyň milli teatr sungatynyň we döredijilik işiniň dürli ugurlaryndaky ösüşlerini has-da giňeltmek bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslary kesgitleýändigini aýratyn belläp geçdiler. Hoşallyk dabarasynda ýurdumyzyň welaýat teatrlarynyň artistleri sanly wideoaragatnaşyk arkaly öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Hoşallyk dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän atalyk aladalary, şeýle hem medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine berýän ýakyn goldawlary üçin tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

Agamyrat BALTAÝEW