Döredijilik duşuşygy


Döredijilik duşuşygy



22-nji fewralda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Ermenistanyň Komitas adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ermenistan milli mukamçylyk mekdebiniň ýolbaşçysy we düýbüni tutujy Komitasdyr. Komitasyň ermeni saz medeniýetini ösdürmekde bitiren işleri örän uludyr. Şonuň üçin hem Ermenistanyň döwlet konserwatoriýasy kompozitoryň adyny göterýär.
Milli saz gurallarymyz özbaşdak çalmakda, dürli saz gurallary bilen goşup bilelikde çalmakda, şeýle hem bagşa sazandarlyk etmekde giňden ulanylýar. Çykyş eden mugallymlarymyz hem milli saz gurallarymyz barada, ajaýyp saz mirasymyz, nesilden-nesle geçip gelýän türkmen milli medeniýetimiz barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenleriň gadymy saz gurallarynyň, dutaryň we gyjagyň döreýişi barada ylmy maglumatlary we birnäçe rowaýatlary aýdyp berdiler. Bagşylaryň türkmen medeniýetindäki asyrlaryň dowamyndaky täsirlerini, halypaçylyk däpleriniň dowamlylygyny we dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini beýan etdiler. Geçmişde milli saz gurallary baradaky maglumatlary «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerde, şeýle hem Türkmenistana gelip gören dürli syýahatçylarynyň we alymlarynyň ýatlamalarynda hem-de ylmy makalalarynda duş gelmek bolýar. Iki medeniýet ojagynyň arasynda geçirilen bu wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda türkmeniň milli saz gurallary bolan dutar we gyjagyň gelip çykyş taryhy, bu saz gurallarda ýerine ýetirilýän türkmen halk sazlary, olaryň repertuarlary barada giňişleýin maglumatlar beýan edildi.
Iki döwletiň hem halk aýdymlary aýdylanda, olara kakylyp, üflenip çalynýan we kirişli saz gurallar sazandarlyk edýär. Ermenistan halk saz gurallaryna baýdyr. Olaryň kämillik ýoly köp müňýyllyklaryň taryhyny öz içine alýar. Olaryň üflenip çalynýan saz gurallaryna: zurna, dudaki, neý ýaly saz gurallar, kirişli saz gurallaryna: kanon, çogur, çeng, saz, tar we ud ýaly saz gurallar degişlidir. Bu günki geçirilen duşuşykda Ermenistanyň Komitas adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň talyplary özleriniň halk saz gurallary bolan kanonda milli sazlaryny we kompozitorlarynyň döreden ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar ýekelikde we ansambl bolup kanon saz guralynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Täçmuhammet Durdymyradow milli saz guralymyz bolan dutarda «Gyrmyzy», «Kerem geldi» halk sazlaryny ýerine ýetirdi. Soňra konserwatoriýamyzyň 2-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Hojamgulyýew «Ybraýym şadilli» mukamyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Iki dostlukly halkyň arasynda geçirilen bu aýdym-sazly duşuşykda ýene-de biziň konserwatoriýamyzyň 2-nji ýyl talyby Rahman Şanazarow hem «Aýa meňzär» we «Nergiz» ýaly eserleri milli saz guralymyz bolan gyjakda ýerine ýetirdi.
Iki döwletiň arasynda geçirilen bu döredijilikli duşuşyk biz talyplar üçin diýseň gyzykly boldy. Berilen gürrüňler boýunça we goňşy döwletiň konserwatoriýasynda görkezilen çykyşlaryň üsti bilen goňşy halkyň saz medeniýeti we saz gurallary barada köp zatlary öwrendik.
Bize sungatymyzy ösdürmek üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, sungatymyzyň hak howandary Arkadagymyza medeniýet, sungat işgärleriniň, bütin türkmen halkynyň alkyşy çäksizdir.

Jeren HALLYÝEWA