BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BÄHBIDINE DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLY BILEN
Geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilik, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigi öz beýanyny tapdy diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.