«Gahrymanlar unudylmaýar»


«Gahrymanlar unudylmaýar»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Ýeňiş baýramynyň 75 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi. Şeýle-de «Gahrymanlar unudylmaýar» ady bilen diwar guraldy. Diwarda «Ene Watana» nyşany bilen, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan suratkeşleriň foto suratlarynyň göçürmesi goýuldy.
Mekdebimiziň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň «Parahatçylyk waspy» ady bilen döredijilik sergisi gurnaldy. Mekdebiň direktory G.O.Amanowa mekdebiň mugallymlaryny, okuwçylaryny we işgärleri, çärä gatnaşýan myhmanlary Ýeňiş baýramy bilen gutlady.
Soňra Türkmenistanyň halk suratkeşi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, gahrymançylyk görkezen Yzzat Glyjowyň gyzy Jeren Yzzatowa kakasynyň uruş ýyllarynda başyndan geçirenleri barada gürrüň berdi. Ýene-de suratkeşiň ýakyn dosty Berdiguly Amansahatow Yzzat Gylyjowyň gahrymançylygy barada gürrüň berip üstüni ýetirdi.
Mekdebiň okuwçylary bolsa Ýeňiş baýramy barada goşgy aýtdylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýew, mugallym Begenç Gaýypow, «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň sazandasy Maýa Beýmanowanyň Ýeňiş güni mynasybetli eden çykyşlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.