Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY


Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY



Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy,
Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Alla-nur Nurgeldiýewiç Altyýewi,
Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy,
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy,
Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanowy,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýewi,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy,
Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.