Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler



6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hemde bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.
Çäräniň öň­ýanynda belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Täjik Lideriniň bu gezekki konsultatiw duşuşyga gatnaşmagy onuň Türkmenistana döwlet sapary bilen gabat geldi.
Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlary, asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşyladylar.

***
5-nji aw­gustda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Hazar deň­zi boýunça gämide bilelikde gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.