Biziň halkara üstünligimiz


Biziň halkara üstünligimiz

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bolan 2024-nji ýylyň başynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikleriň aglaba böleginiň geçen ýylda belli bolşy ýaly ýaşlarymyz gazanýarlar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara uly üns berilýär. Munuň esasynda bolsa ýurdumyzda halkara bäsleşiklere gatnaşýan ýaş talypdyr mugallymlaryň bolmagy örän buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar- Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda hem bilimde, medeniýetde, sungatda hem-de sportda üstünlik gazanan ýaşlaryň köpüsiniň atlary sanaw esasynda görkezilip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan hem birnäçe zehinli talyp ýaşlaryň bu sanawyň hatarynda atlarynyň bolmagy biz sungat ugrundan bilim alýan ýaşlaryň göwünlerini ganatlandyrýar.

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde 26-njy ýanwar 4-nji fewral aralygynda «Halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň» arasynda «FOLK-ART» atly Halkara bäsleşigi bolup geçdi. Şol geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň III ýyl talyby Hijran Jorakulyýew 20-25 ýaş sazandalaryň arasynda «Akkordeon» saz guraly boýunça I orna mynasyp boldy we diplom bilen sylaglandy. Bu bäsleşikde Hijran Jorakulyýewiň halypa mugallymy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýuzeýewa Wladimirowna bolsa «Iň gowy mugallym» adyna eýe bolup diplom hem-de minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Bu bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Krym Respublikasynyň hem-de Týumen oblastynyň medeniýet müdirligi we Sahalin welaýat medeniýet we arhiw işleri goraýyş ministrligi gurnap, bäsleşikde N.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň professordyr dosent mugallymlary hem-de bäsleşigi gurnaýjylar eminlik etdiler.

Ýatlap geçsek 2021-nji ýylda hem Hijran Jorakulyýew öz hünäri boýunça Russiýa Federatiw Respublikasynyň Tatarystan Respublikasynyň N.A.Žiganow Kazan döwlet konserwatoriýasynyň gurnamagynda «Магия музыки» atly Halkara bäsleşiginde I orna we diploma mynasyp bolupdy. Ol içerki geçirilýän birnäçe çärelere hem işjeň gatnaşyp, bäsleşiklerde-de baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Osman SAPARGELDIÝEW

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby