ÝITI RESPIRATOR KESELINDEN GORANMAGYŇ ÝÖNEKEÝ USULLARY


ÝITI RESPIRATOR KESELINDEN GORANMAGYŇ ÝÖNEKEÝ USULLARY



Her bir adam öz saglygyny goramak üçin ýiti respirator we gaýry üzülmeler hakynda esasy maglumatlary bilmelidir. Lukmanlarymyzyň tas-syklamaklaryna görä, ýiti respirator keseli örän çalt ýaýraýar, şonuň üçin nä-hoşlan adam köpçüligiň üýşen ýerine barmakdan saklanmalydyr. Ýokanç ke-selleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kadaly edilmegi barada her bir adamyň ala-dalanmagy zerurdyr. Gök we miwe önümleri, süýt, balyk, ýumurtga ýaly iý-mitler bedeniň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç keselleri döredýän wiruslara garşy durýan güýji ýokarlandyrýar. Dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz suwunyň arassa bolmagy, gigiýenanyň kadalarynyň doly berjaý edilmegi möhümdir.
Adam üsgürip, burnundan nem damyp başlasa, aýratyn otagda bolup, mümkin boldugyça köp suw içmelidir, ýokumly we siňňitli bolar ýaly kadaly naharlanmalydyr. Aşa ýyly ýerde saklanmakdan gaça durup, köpräk çaý, mi-we şiresini içmeli. Eger-de bedeniň temperaturasy ýokary galsa, öý şertlerinde bedeni süpürip, gyzgyny peseltmeli. Käte üsgülewük bilen sowuklama has agyr kesellere eltip biler. Adamyň dem almasy kynlaşyp ugrasa, onuň öýken so-wuklamasybilen kesellemegi ýa-da öýkende haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň ýüze çykan bolmagy mümkin. Şonuň üçin, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Çilim tüssesinden daşda bolmalydyr. Sebäbi temmäki serişdesiniň saglyga ýe-tirýän zyýanly täsiriniň netijesinde, köp adam öýken sowuklamasyna, dem alyş ýollarynyň kesellerine has köp duçar bolýar.
Eger-de her bir adam şu ýönekeý düzgünleri ýerine ýetirse, ýylyň islendik paslynda döräp biläýjek ýiti respirator keselinden özüni gorap biler.
Sona Şiriýewa