«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň festiwaly dowam edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Şu günki günlerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilýän “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly noýabr saz festiwaly badalga aldy.
Bu festiwala konserwatoriýamyzyň ýaş mugallymlary we halkara bäsleşikleriniň ýeňiji talyplary işjeň gatnaşyp, öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezýärler. Festiwalyň dowamynda konserwatoriýanyň mugallymlary Mähri Gowşudowa, Nury Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Kakageldi Hojalekow, şeýle hem “Kirişli saz gurallary” hünäriniň 5-nji ýyl talyby halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Annamyradowa Aýlar we sazandarlyk eden halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Jennet Hudaýkuliýewa dagylar nusgawy kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Ýaňy ýakynda dostluk-doganlyk festiwallarynyň arasynda Gruziýa döwletinde geçirilen “Tsinandali” festiwalyna gatnaşmak biziň okuw mekdebimiziň talyplaryna hem miýesser etdi. Ol ýerde Aziýadan, Ýewropadan, Amerikadan, GDA-nyň ýurtlaryndan we Kawkazdan ýerine ýetirijiler, wirtuoz-solistler, tanymal dirižýorlar gatnaşdylar. Bu festiwala gatnaşmak hem Aýlar Annamyradowa miýesser etdi. Konsertde A.Dworžak, A.Haçaturýan, P.I.Çaýkowskiý, Ç.Nurymow ýaly nusgawy kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Dünýä klassikleriniň eserlerini ýerine ýetirmekde ajaýyp tejribesini alan we ussat sazandalar hökmünde diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn.