TÜRKMENISTAN SEBITIŇ WE YKLYMYŇ DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ KÖPRÜLERINI DÖREDÝÄR


TÜRKMENISTAN SEBITIŇ WE YKLYMYŇ DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ KÖPRÜLERINI DÖREDÝÄR



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Biraz salymdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Garabogaz aýlagyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz aýlagyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deň¬zi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi.