BSGG: Türkmenistan ýokanjyň ýurduň çäklerinde getirilmeginiň öňüni almagy üçin ähli tagallalary gördi we bu çäreler üstünlikli boldy


BSGG: Türkmenistan ýokanjyň ýurduň çäklerinde getirilmeginiň öňüni almagy üçin ähli tagallalary gördi we bu çäreler üstünlikli boldy



15-nji iýulda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň wekilleri ýurdumyzda bolýan ongünlük saparynyň jemleri boýunça teklipleri taýýarladylar. Şolary türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde nazara alar. Bu işleriň baş maksady ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Dünýäde hiç bir ýurtda bu ýokanç kesel barada anyk maglumat ýok. Häzirki döwürde Türkmenistan ýurtda koronawirus ýokanjynyň tassyklanan pursadynyň ýokdugyny habar berýär. BSGG bu maglumaty tassyklaýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, BSGG mundan beýläk-de hökümetiň milli edaralary bilen koronawirus ýokanjynyň ilata edýän täsiriniň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda degişli işleri geçirmäge meýillidir. Türkmenistanda bolmagy çäklerinde, bilermenler epidemiýa gözegçilik babatda ýerine ýetiren işleri synlandyklaryny we bu ýerde adamlary barlamak, şeýle hem zerur halatynda bu mümkinçilikleri artdyrmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bu çäreler geljekde halkara söwdasynyň we ulag gatnawlarynyň dowam etmegini şertlendirer.
Bilermenler toparynyň agzalary kliniki taýýarlyk bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde etrap, welaýat we umumy döwlet derejesindäki dürli lukmançylyk edaralarynda boldular.
Türkmenistan СOVID-19 ýokanjy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ykrar edýär we ýurduň çäginde bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda ähli zerur tagallalary görýär. Ilatyň arasynda geçirilýän giň möçberli işler bu çäreleriň üstünlikli boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň anyk meýilnamasy bar. Biz ony durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardyrys diýip, BSGG-niň wekili belledi.