Halk saz gurallary


Halk saz gurallary

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere ýetýär. Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar barada uly tagallalary edýärler.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde «Talyplaryň ansambl çykyşlary» atly konsert Jeýran Joraýewanyň alyp barmagynda geçirildi.

Konsertiň başynda Grigoraş Diniku «Mart horowody» eserini Ýakupmyrat Sytdyhowyň ýolbaşçylygynda akkordeon we kirişli saz gurallardan düzülen ansambl çykyş etdi. Bu çykyş konsertiň açylyşy bolup tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Soňra şol ýerine ýetirilişde Karen Haçaturýan «Giriş» eserini ýerine ýetirdiler. Bu eserde saz gurallaryň sazlaşygy diýseň oňat ýaňlandy. Tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ýakupmyrat Sytdyhowyň ýolbaşçylygyndaky akkordeon we kirişli saz gurallardan düzülen ansambl Dadaş Dadaşow «Skerso» diýen eser bilen çykyş etdiler. Degişme äheňli bu eser diňleýjilerde has-da şatlyk döretdi.

Yzysüre Ýagşymyrat Täjimuradowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansambly Röwşen Nepesowyň «Ene» atly eserini ýerine ýetirdi. Bu eseri ýerine ýetirenlerinde eneleri ýadyňa salýar. Soňra şol ýerine ýetirilişde türkmen we daşary ýurt eserlerinden düzülen «Saz çemeni» eseri ýaňlandy. Bu bolsa dost-doganlyk ýurtlarymyza hormat goýmagyň nyşanydyr.

Soňra uly mugallym Halow Muhammetkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky akkordeonçylar ansambly Aram Haçaturýan «Gylyçly tans» eseri bilen trio görnüşde çykyş etdi. Eser ýerine ýetirilenden soň tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ýene şol ýerine ýetirilişde Pissigoni «Swet i teni» eserini ýerine ýetirdiler. Bu eser duet görnüşde Kerim Çopanow we Gadyr Aňňadow ýerine ýetirdiler.

Baýramdurdy Hudaýnazarow «Gel sähranyň maňlaýyndan öpeli» eserini III ýyl talyp Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Muhammet Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky ansamblyň sazandarlyk etmeginde ýaňlandy. Bu eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Muhammet Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky ansambl Amandurdy Agajykowyň «Kwartet» eseri bilen çykyş etdi. Eserde kirişli saz gurallaryň sazlaşygy oňat ýaňlandy.

Soňra öwreniji-mugallym Rahymberdi Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansambly P.Dranga «Wera» eserini ýerine ýetirdiler. «Wera» eserini duet bolup Garaýew Mekan we Döwlet Hümmedow dagylar çykyş etdiler.

Onuň yzysüre öwreniji-mugallym Baýramgül Amangeldiýewanyň ansambla ýolbaşçylygynda hem-de onuň sazandarlyk etmegide Iogannes Brams «Wenger tansy №2» eserini ýerine ýetirdiler. Ýene-de şol ýerine ýetirilişde Žorž bize «Farandola» eseri bilen çykyş etdiler. Bu eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Soňra Tatýana Ýuzeýewanyň ýolbaşçylygyndaky akkordeonçylar ansambly I.Tihinow, A.Şalow «Oba kadrili» eserini ýerine ýetirdiler. Bu esere täze öwüşgin goşulmagy ýagny, kakylyp çalynýan saz gurallaryň goşulmagy tomaşaçylarda täsir galdyrdy. Ýene-de şol ýerine ýetirilişde G.Matos Rodriges «Kumparsita» eseri bilen çykyş etdiler. Bu eser jemleýji çykyş bolup duet görnüşinde III ýyl talyp «Halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň» arasynda «FOLK-ART» atly Halkara bäsleşiginiň laureaty Hijran Jorakulyýew we II ýyl talyby Eziz Nursahatow dagylar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu eser tomaşaçylara ýakymly täsirini ýetirdi.

Soňra «Halk saz gurallary» kafedrasynyň müdiri Omar Igamow çykyş eden ähli talyplara we çykyş eden talyplaryň mugallymlaryna sag bolsun aýtdy. Konserti Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen jemlendi.

Osman SAPARGELDIÝEW