«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp açylan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligi çeperçilik akademiýanyň ilkinji Ýaşlar guramasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilelikde guraldy.
Söhbetdeşlikde çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymy we myhmanlar 2023-nji ýyl ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolup uly üstinliklere beslenendigini buýsanç bilen bellediler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlary özleriniň alýan bilimlerini halkara we döwlet derejesinde geçirilen sergilerde, bäsleşiklere özleriniň ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini döreden eserlerinde şöhlenendirmegi başardylar.
Bellep geçsek, şu ýylyň dowamynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn hem-de türkmeniň milli sungaty bolan halyçylyk, zergärçilik, keramika eserleriniň täze naýbaşy eserler döredildi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» giňden ýaýbaňlandyrylan eserlerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi çuňňur oýlanşykly we täze taslamalaryň üsti bilen halk köpçüligine ýaşlarymyz serginiň üsti bilen görkezdiler.