KADALARY BERJAÝ ETMEK MÖHÜMDIR
Howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar.
Güýz paslynda hem adamlar dürli ýokumlara, mikroelementlere baý önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidigini ünsden düşürmeli däldirler. Çünki bu döwürde howanyň salkynlamagy netijesinde günüň işjeň hereket bilen geçýän wagtynyň dowamlylygy-da artýar. Hasyl ýygnamak ýaly güýzki meýdan işleri ýa-da zähmetiň beýleki görnüşleri bilen baglylykda hem adam bedeni her gün ýeterlik güýç-kuwwat toplamaly. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar, bakja önümleri bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulyp içilýän gök çaý adamlaryň köp isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir.
Adam tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar. Ýokanç keselleriň öňüni almakda pasla görä geýinmegiň örän uly ähmiýeti bar. Derlän wagtyň öýde açyk duran penjire bilen gapynyň arasynda emele gelen şemalyň ugrunda durmaly däl. Saçlar ýuwlandan soň, dogry we doly guradylmalydyr. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, gün tertibini dogry berjaý etmegi ýatdan çykarmaň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgün-lerini berk berjaý etmeli. Elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly hemde zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Iş we öý otaglarynyň howasyny ýelejiredip durmaly. Şol bir wagtda dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny-da dogry berjaý etmeli. Lukmanlaryň berýän beýleki maslahatlaryna hem berk eýermeli. Berilýän maslahatlary doly we dogry berjaý etmegiň özümiziň hem daş-töweregimizdäkileriň saglygy üçin örän uly ähmiýete eýedigini ýatdan çykarmaň!