Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar


Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar



21-nji oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da gi-ňeltmek baradaky meseleler girizildi.