Hormatly Prezidentimiz söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi


Hormatly Prezidentimiz söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi



24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.