Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy



24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.