KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!
Pasla görä geýniň! Maslahatlara eýeriň!
Gyşda howanyň derejesiniň peselýändigini nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmegi, şeýle hem häzirki wagtda tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşyklylykda, howa şertleriniň adam bedenine ýetirip biläýjek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen,
agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagy, köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamagy, eliňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy maslahat berýäris. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalary-ňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
Sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanyň!
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.Ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykanyňyzda, özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.
Kadaly iýmitleniň!
С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal ýaly miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini) kabul etmeli. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem her hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli tagamymyz bolan unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde örän ähmiýetlidir. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär.
Maşgala lukmanyna ýüz tutuň!
Ýiti respirator ýokanç keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Dermanlyk serişdeleri lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişli. Sebäbi antibakterial serişdeler wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýra üzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Şypaly çaýlary içiň!
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary baradaky maglumatlar beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny etdiriň!
Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellere garşy sanjymlar biziň ýurdumyzda ýola goýlan. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip biler. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary, ilki bilen, sanjymy alan her bir adamyň, galyberse-de, onuň daş-töweregindäkileriň netijeli goraglylygynyň kepilidir. Hiç wagt howsala düşmäň, alada galmaň! Maşgala lukmanyna öz saglyk ýagdaýyňyz barada aýdyň hem-de onuň bellän degişli barlaglaryndan geçiň! Sanjym etmek üçin kesgitlenen ýere hökman rahat ýagdaýda geliň! Möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlary bedende antitelalaryň emele gelmegine ýardam berýär we bedeniň möwsümleýin kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sagly-gy goraýşyň habarlar merkezi.