TÜRKMEN DÖWLETINIŇ BAŞTUTANYNYŇ WEZIPESINE DALAŞGÄRLER PREZIDENT SAÝLAWLARYNA GATNAŞDYLAR


TÜRKMEN DÖWLETINIŇ BAŞTUTANYNYŇ WEZIPESINE DALAŞGÄRLER PREZIDENT SAÝLAWLARYNA GATNAŞDYLAR



12-nji martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Prezident saýlawlary geçirildi, oňa iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi gatnaşdylar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we gadymdan gelýän hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda täze, uly ädim boldy.
Aýdyň¬lyk hem-de açyklyk ýagdaýynda geçirilen şu günki saýlawlar halkymyzyň mizemez agzybirligini we jebisligini, türkmenistanlylaryň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilige düşünýändigini doly görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, şu gün ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan hem-de baýramçylyk ruhuna beslenen saýlaw uçastoklaryna ilkinjileriň hatarynda geldiler. Ýurdumyzda hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda döredilen ähli saýlaw uçastoklarynda Prezident saýlawlary Döwlet baýdagyny ýokary galdyrmak, Döwlet senasyny ýerine ýetirmek dabarasy bilen başlandy.