Dalaşgärleriň döredijilik sergisi




Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzyň asuda goýnunda döredijilikli zähmet çekýän bagtyýar suratkeşler milli sungatymyzy ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýärler. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ýokary depginde ösdürilýär, suratkeşleriň, aýratyn hem ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar zamanamyzyň zehinli suratkeşleri şekillendiriş sungatynda öňden gelýän nusgalaryň esasynda täze-täze usullarda öz başarnygyny synap, döwrebap eserleri döredýärler.
Awgust aýynyň soňky günlerinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna dalaşgärleri kabul etmek maksady bilen, olaryň döreden eserleriniň gözden geçiriliş sergisi gurnaldy. Üç tapgyrda dowam eden bu sergi örän gyzgalaňly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Birleşigiň agzalygyna dalaşgärler nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatlary boýunça döreden döwrebap, baý mazmunly eserlerini görkezdiler. Dürli ýaşdaky dalaşgärleriň arasynda öz hünärine erjellik bilen ýapyşýan ýaş zehinleriň agdyklyk etmegi, olaryň täze tehnologiýalaryň täze usullaryndan peýdalanyp, ýerine ýetiren taslamalary aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Dalaşgärleriň sergisinde halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, gözelligi bilen kalbyňy joşdurýan ajaýyp tebigatymyzyň, bereketli topragymyzyň çeper waspy döredijilik eserleriniň düýp esasyny düzdi. Öz döredijilik eserleri bilen tapawutlanan dalaşgärler Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA