Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy



27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna—Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda ajaýyp binanyň etegine gül çemenini goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.